Şu gün 4-nji noýabr, ýylyň 308-nji güni. Geliň, 4-nji noýabrda bolan taryhy wakalar, dünýä inenler we aradan çykanlar barada gysgaça maglumatlar bilen tanyş bolalyň.
Taryhy wakalar:
2008 – Barak Obama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti wezipesine saýlanan afroamerikaly ilkinji adam boldy.
1980 – Ronald Reagan ABŞ-nyň 40-njy prezidenti wezipesine saýlandy.
1973 – Niderlandlar nebit ýetmezçiligi sebäpli ilkinji awtoulagsyz ýekşenbäni başdan geçirdi. Awtoulag ýollarynda diňe tigir sürýänler we rolikliler orun aldy.
1952 – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti Milli howpsuzlyk gullugyny döretdi.
Dünýä inenler:
1946 – Laura Buş — Amerikaly mugallym we kitaphanaçy, ABŞ-nyň 45-nji birinji aýaly.
1976 – Daniel Bahr — nemes syýasatçysy, Germaniýanyň Federal Saglygy goraýyş ministri.
1955 – Matti Wanhanen — žurnalist we syýasatçy, Finlýandiýanyň 40-njy premýer-ministri.
1937 – Maýkl Wilson — Kanadaly akademik we syýasatçy, Kanadanyň 31-nji Maliýe ministri.
Aradan çykanlar
1992 – Jorj Kleýn — kanadaly inžerener maýyplar üçin motorly arabany oýlap tapyjy.
1924 – Riçard Konner — Amerikaly harby işgär, Hormat medalynyň eýesi.
1921 – Hara Takaşi — ýapon syýasatçysy,Ýaponiýanyň 10-njy premýer-ministri.
1895 – Ýujin Fild — Amerikaly žurnalist, ýazyjy we şahyr.
“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!