BIZNES

Türkmenistanyň nebit önümçiligi

“Energetika bazarlaryndaky global tendensiýalar we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” atly mowzuk bilen plenar sessiýa Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebit we gazy 2020” halkara maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Bu sessiýada “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Güýçgeldi Baýgeldiýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzda nebit önümçiligi barada belläp geçip, konserniniň işleriniň esasy böleginiň ýurduň günbatar böleginde jemlenendigini, bu sebitiň dünýäniň esasy nebit sebitleriniň biri bolmak bilen XIX asyryň ahyrlarynda hem gara altynyň öndürilýändigini belledi.

Konserniniň işiniň 30-dan gowrak ýatakda jemlenendigini we olaryň işläp düzmegiň dürli tapgyrlaryndadygyny bellenildi.

Bu ýataklary özleşdirmek, geologiki gurluşynyň ähli aýratynlyklaryny doly göz öňünde tutmak bilen, uglewodorod gözlemek üçin 7 müň metrden gowrak çuňlukda guýulary burawlamaga mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlaryny we innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysy, Uzynada meýdançasynda türkmen hünärmenleri tarapyndan burawlanan guýunyň 7150 metre ýetendigini we munuň Merkezi Aziýa sebitindäki iň çuň guýy bolup durýandygyny belledi. Çuňlugy 7150 metr guýydan gündelik 200 tonna nebit kondensatynyň we 500 müň kub metr gazyň senagat akymy alyndy.

Konserniň başlygy şu güne çenli bu ugurda ýene alty guýynyň buraw işleriniň tamamlanandygyny, şuňa meňzeş netijeleriň gazanylandygyny we ýene birnäçe guýynyň burawlanýandygyny aýtdy.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň 32 ygtyýarnamaly bloklara bölünýär, olaryň 5-inde baglaşylan şertnamalaryň çäginde nebit ulgamynda işler  amala aşyrylýar, galan böleklerde gyzyklanýan taraplar üçin gepleşikler geçirilýär.

“Türkmennebit” döwlet konserni Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda  Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd., Buried Hill Serdar Limited, ARETI, Eni и Mitro International ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Özleşdirilýän ýataklarda nebit çykarylmagy kyn şertleri üçin häzirki zaman tehnologik önümçilik ýola goýulýar. Bu babatda Sсhlumberger, Yug-Neftegaz Private Limited (Singapur),“Tatneft” (Tatarystan) we beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi