BIZNESJEMGYÝET

Täsin ýüzük Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň Haýdarabatdaky “Chandubhai” göwher dükanynyň (Hallmark Jeweller bölümi) eýesi, şeýle hem ussat zergär Srikanth  Kotti 6 dürli gül gatlagyndan we 7,801 brilliantdan ybarat altyn ýüzük bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu ýüzügi ýasamak zergäriň 1 ýyldan gowrak wagtyny alypdyr. Ýagny, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlap, 2019-njy ýylyň awgust aýynda tamamlandygy mälim edildi.

Gözüňi gamaşdyrýan bu altyn ýüzük 6 dürli gatlakdan ybarat bolupdyr. Ussat zergär bu gatlaklarda Gimalaý daglarynda ösýän güli şekillendiripdir. Zergär onuň adynyň şol ýerde  duş gelýän seýrek gül Brahma Kamalamdan ylham alýandygyny mälim etdi.

Bu ýüzük “Iň köp brillianty bolan ýüzük” ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna  girdi. Şeýle hem ol Günorta Hindistanda Ginnesiň dünýä şaý-sepleriniň ilkinji rekordydyr.

Haýdarabatdaky “Chandubhai” göwher dükany içerki dizaýnlary we nepis ussatlygy bilen Haýdarabadyň göwher we zergär höwesjeňleriniň arasynda özüne bir ýer döretdi. Ginnesiň rekordyna eýe bolmak diňe bir dükanyň döredijilik ukybyny beýgeltmän, eýse, syýahatçylygyň täze başlangyçlaryna hem eýe bolar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler