Halkymyzyň asyrlaryň dowamyndan şu günlere gelip ýeten milli mirasyna sarpa goýmakda, agzybirligini pugtalandyrmakda, Watana, zähmete, topraga bolan söýgini berkitmekde, geljege beýik ynamy artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň çuň zehininden dörän eserleri ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Döwlet adam üçindir!» atly kitaplarynda Watan diýen mukaddes düşünje örboýuna galyp, raýatlyk goşandyňy goşmak, mähriban topragyňy, mukaddes ýurduňy goramak, halal zähmet çekmek, dogruçyl, päk niýetli ynsan häsiýetleri özüňde terbiýeläp ýetişdirmek üçin uly ähmiýet berýär. Watanyň beýikligi onuň ähli raýatlarynyň Watan üçin çekýän zähmetinden, goşandyndan başlanýar.
Öňem bir obada dert alada, hor-homsulyk artyp başlapdyr. Ol ýeriň arçyny bu ýeter-ýetmezçiligi aradan aýyrmak, haly has agyrlana hemaýat etmek üçin, ýerli ilatdan geň bir zat talap edipdir. Ol obanyň ortarasynda ullakan gazan goýupdyr. Her maşgaladan bir erkek we zenan adam şol gazana bir okara süýt guýmaly edipdir. Arçynyň talabyna görä, süýtli tabagyň agzy ýapyk bolmaly we biriniň süýt guýýandygyny beýleki biri görmeli däl edilipdir. Adamlar arçynyň teklibini ýerine ýetirmek üçin öýlerine howlugypdyrlar. Agşam örüden gelen sygyrlaryny sagyp, şondan bir okara süýdi hiç kime bildirmän, uly gazana guýup gaýdypdyrlar. Ertesi irden arçyn gelip gazanyň gapagyny galdyrypdyr. Ol näme görendir öýdýäňiz? Bir gazan doly arassa suw! Asyl, adamlaryň her biri öz ýanyndan: “Bir gazan süýde bir tabak suw guýanym bildirip durmaz” diýip pikir edipdir. Olaryň her biri beýlekileriň dogry hereket ederne bil baglapdyr, özleriniň bu hilesi bilinmez öýdüpdir. Ol gazana bir okara süýde derek suw guýjak adam ýeke özüdir öýdüpdir.
Seniň özüň nähili hereket edýärsiň? Çykgynsyz ýagdaýlarda, kynçylykly pursatlarda süýt sorasalar, hakykatdan-da süýt berýärmiň ýa-da suw ?
Eger-de sen “munça adamyň arasynda meniň işlemändigim bilnip durmaz” diýip, işiňi tamamlaman goýýan bolsaň, onda seniňem süýde derek suw berýänligiň.
Şunça ýagşy niýetliniň ýanynda meniň bolgusyzja pikirim, köpçülige zelel bermez diýýän bolsaň, onda bu-da süýde derek suw guýýanlygyň.
Kömege mätäç birine ýardam goluny uzatman, “Kimdir biri hemaýat eder-dä” diýip, biperwaý ötüp bilýän bolsaň, bu hem süýde derek suw guýýanlygyň.
Hatda wagtyňy biderek zatlara sarp edip, ony okuw, ylym-bilim, haýyrly iş üçin peýdalanmaýanlygyň hem, süýde derek suw guýýanlygyň.
Bilýäňizmi näme, erteki gün siziň rysgalyňyz, berekediňiz şol gazana guýan zadyňyza baglydyr.
Biziň edýän her bir işimiz, göterýän niýetimiz geljegimize düşelýän ýol. Biz öz hereketlerimiz bilen ömrümizi ýasaýarys, oňa bezeg zynat, gelşik we görk çaýýarys. Ertirki gün nähili durmuşda ýaşasymyz gelse, nähili ýollarda ýöremegi, gezmegi ýüregimize düwen bolsak, şu günki gün şoňa laýyk iş etmek zerur. Eliň bilen deprege kaksaň, onuň sesi töwerege ýaňlanýar. Ykbal elimizdäki deprek, oňa nähili kaksak, şoňa görä hem ses, owaz ömrümize ýaýylýar. Ile-güne nähili çemeleşsek, özgeler bilen gatnaşygymyzda nähili edep kadalaryna uýgun hereket etsek, göwünde, ýürekde neneňsi arzuw-niýetleri götersek, ertirki gün şol ýagdaýyň essesini görmek miýesser edýär.
Bagtyýarlyk döwründe gülleýän Berkarar döwletimiz biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edep-ekramly, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesili ýetişdirýän adamlar terbiýe meselesinde, ilkinji nobatda maşgala daýanmalydyrys. Ynsanyň ahlak terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar.
Nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlermizden bize galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri, biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar.
Şatlyk Silapow,
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!