BIZNESTEHNOLOGIÝA

2025-nji ýyla çenli awtomatizasiýanyň netijeliligi

Şweýsariýada geçirilen “Bütindünýä ykdysady forumy” telekeçilik pudagynda awtomatizasiýanyň netijeliligi baradaky täze çaklamalary mälim etdi. Forumyň hasabatyna görä, öňümizdäki 5 ýyldan soňra işleriň ýarysynyň robotlar tarapyndan amala aşyryljakdygy bellenilýär. Awtomatizasiýa ýagny robotlaryň iş orunlary doldurmagy bilen millionlarça adamyň işsiz galmak mümkinçiliginiň hem bolup biljekdigi aýdylýar.

Gündelik işleriň robotlar tarapyndan amala aşyrylmagy mümkin. Dünýäde 8 milliondan gowrak işgäri bolan 300 kompaniýa bilen geçirilen söhbetdeşliklere görä, iş berijileriň ýarysyndan gowragy awtomatlaşdyrmagy maksat edinýändigini we häzirki wagtda işçi güýjüniň üçden bir bölegini robotlar eýeleýändigini habar berildi.

Forumda maslahat beriş, çözgütleri kabul etmek, gürrüňdeşlik, karar bermek we aragatnaşyk ýaly ugurlardaky işlerde işçileriň gerek boljakdygyny bellenilip geçildi. Mundan başga-da, inženerçilik we tehnologiýanyň täze ugurlarynda hünärmenlere islegiň artjakdygy aýdylýar.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Gazagystan özüniň superkompýuterini işläp düzdi

“Samsung Galaxy Z Fold 7” we “Z Flip 7” täzelenen modelleri ABŞ-da tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi