SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

SMS habarnamasy: Gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryny şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek babatda maslahat berýär.

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine bu barada SMS habarnamasyny iberdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň habarnamasynda: “Hormatly adamlar! Saglygyňyzy berkitmek üçin agyz-burun örtügini dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär” – diýlip bellenilip geçilýär.

Ozal hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly yzygiderli ýurdumyzyň raýatlaryny saglygyny goramak babatda SMS-habarnamalaryny iberipdi.

Ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda birnäçe wagtlaýyn çäklendirmeler girizildi: daşary ýurt howa gatnawy, otlylaryň we şäherara awtobuslaryň hereketi, metjitleriň, naharhana kärhanalarynyň we söwda bazarlarynyň işi togtadyldy.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar