Biz bu bahar paslynda çagajyklarymyzy alyp, daga gezelenje gitdik. Meýdanyň gözel görki çagalaryň göwnüni açdy. Olaryň şadyýan gülki sesleri sähra guşlarynyň owazy bilen garyşyp, eýýäm uzaklardan eşidilýärdi. Oglumyň körpe gyzjagazym bilen bogan gül çemenini maňa getirip bermegi, meni seniň ilkinji sowgat beren gül çemenli ýyllaryma dolady…
Ol wagtlar hem gözel ülkämizde owadan ýaz pasly dowam edýärdi. Adaty bolşy ýaly, tebigatyň gözelliklerini synlamak üçin, her ýyl talyplar gezelenje giderdiler. Şol gezekki gezelenjimizde seniň dag güllerinden bir gujak çemen bogup, aýdan söýgi sözleriň meni söýgi şalygyna ýetiripdi
Ýaz paslynyň täsin güni,
Bir ýylgyryp bakdyň maňa.
Ter güllerden baglap çemen,
“Söýýän ”sözün diýdiň maňa.
Süýji-süyji sözler bilen,
Jadylaýjy gözler bilen,
Mähirli ýylgyryş bilen,
Söýdürdiň özüňi maňa.
Mawy gözleriň, ol gözlerde uçganaklaýan söýgi ataşy meni saňa bendi edipdi. Her gezek gabat geleniňde maňa seredýän şol jadyly gözleriň şuglasy ýüregimden parran geçýärdi. Ýöne jogap hökmünde saňa tarap bakmaga ejap ederdim, şonda-da gözümiň gytagy bilen seni synlardym. Ýüregimiň bir çuňlugynda saňa bolan söýgi döredimi, nämemi, indi seni görsem, aljyrap ugradym. Wagt diýeniň sagatsaýyn, günbe-gün, aýma-aý geçip dur. Ine-de men talyplyk ýyllarynyň süýji ýatlamalaryndan doly günlerini tamamlap, öýe gaýtmak üçin demir ýol menziline bardym. Birine garaşýan ýaly ýüregim atygsap, agzymdan çykaýjak bolýardy. Men, belki-de, özüne maýyl eden şo-ol mawy gözlere garaşandyryn. Menzilde adam köpdi. Birden biri uzakdan “Gülsenem” diýip seslendi. Ses çykan tarapa seretsem, sen ýylgyryp gelýäň. Ýüregim jigläp gitdi. Aljyrap başladym. Ýöne tolgunýanymy duýdurmajak bolýardym. Sen gelşiňe:
-Gülsenem, eger sen garşy bolmasaň, men ejemi size sawçylyga ugratjak – diýeniňde, ýaňaklarym gyzaryp gitdi. Ony saňa bildirmezlige çalyşdym. Soňra bolsa, gyz utanjaňlygy bilen çala baş atyp, saňa razylyk berdim.
Seniň aýdan sözleriňi hakydamda aýlap oturyşyma, obamyza nädip ýetenimi hem duýmandyryn. Men öýe barşyma mähriban käbämiň gujagyna doldum, onuň mährinden gandym. Oba durmuşy, öý-içeriniň işleri bilen başagaý bolup ýörşüme, eýýäm öýe gelenime bäş gün dagy boluberipdir. Daşarynyň işlerine gümra bolup ýörşüme, biziň howlymyzyň deňine üç-dört sany del adamyň ýetip gelýändigini, olaryň säginip, goňşulardan bir zatlar soraýandygyny görüp, ejeme habar berdim. Asyl görüp otursam, del myhmanlar meni idäp gelen ekenler. Men olardan gizlenip, öz otagyma geçdim. Şol pursat seniň bilen ilkinji duşuşygymyz hakydamda janlandy.
Ol wagtlar men wagtymyň köp bölegini okalga gatnap geçirerdim. Göräýmäge, durmuşym birsydyrgyn hem içgysgynç ýalydy. Emma juwan ýüregim inçe duýgulardan mahrum däldi. Intizar göreçlerim töwerege umyt bilen garanjaklaýardy. Kalbymyň çuň ýerinde şirin arzuwlary besläp, hyýalymdaky bagtly pursadyň ir-u-giç bir gün ýetip geljegine ynanýardym. Ýöne hemmesiniň şeýle tiz hem duýdansyz ýüze çykjagyna welin, garaşmandym.
Şol gün meniň kalbyma oslanmadyk alasarmyk pikir kürsäp girdi. Men özümi bir ýigidiň göz astyna alýanlygyny duýdum. Bu uzyn boýly, görmegeý ýigidi tanamaýan ýokdy. Mergen ökde woleýbolçydy. Ol uniwersitetiň ýygyndy toparynda çykyş edýärdi. Ýokary okuw jaýlaryň talyplarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlarda şowly çykyş edip, hemmeleriň göz guwanjyna öwrülipdi.
Men bu garaşylmadyk ýagdaýa birbada nähili garajagymy bilmedim. Oňa biparh däldigimi welin, boýun alýardym. Mergen diňe ökde oýunçylygy bilen özüne bendi edenokdy. Onuň tebigatynda nähilidir bir kalbyňa hoş ýakýan täsin gözellik bardy.
Hemişe bolşy ýaly, kitapdyr depderlerimi goltuklap, okalgada peýda bolan badyma, Mergen edep bilen ýanymdan orun sorady. Tanyşlygymyzyň ilkinji pursatlaryndaky dartgynly ýagdaý uzaga çekmedi. Biziň dessine sözümiz alşyp gitdi. Tiz wagtyň içinde bolup geçen bu ysnyşma özümem haýran galdym.
Biz okalgadan bileje çykyp gaýtdyk. Eýýäm köneden tanyş ýaly, men onuň bilen deňje gadam urup gelşime ýakymly duýgulary başdan geçirýärdim. Mergen meni gapa çenli ugradyp, hoşlaşjak bolanda:
-Gülsenem, seniň erjellik bilen sapaga taýýarlyk görşüňe göwnüm ýetýär. Garşy bolmasaň,mundan beýläk okalga bile gatnaýaly-diýip haýyş etdi. Men oňa garşy bolup durjak hem bolmadym.
Biz bagtdan doly durmuş ýoluna gadam basdyk. Bu ýolda sen maňa hemişe goltgy bolduň. Sähelçe ejizlejek bolanymda, seniň mähribanlygyň, aladaçyllygyň maňa goldawdy. Ýyllar toýnuk gurap barýan durnalar kimin, ara açyp gitseler-de, ýüregimde saňa bolan söýgim birjik-de egsilmedi, gaýta, has-da möwç aldy.
Akmaral Handurdyýewa,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyñ
Mollanepes geñeşliginiñ ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!