SPORT

Messi we Suares Ronaldonyň rekordyny gaýtalady

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi bilen Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparynyň hüjümçisi  Luis Suares özleriniň milli ýygyndylarynyň düzüminde tapawutlandylar.

Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Ekwadoryň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşykda 11 metrlik jerime ugrusyny dürs ýerine ýetirip, milli ýygyndynyň düzümindäki geçiren gollarynyň sanyny 39-a ýetirdi. 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň çäginden geçirilen oýun 1-0 hasabynda tamamlandy.

Luis Suaresli Urugwaýyň milli ýygyndysy bolsa Çiliniň milli ýygyndysyny 2-1 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşykda Suares 11 metrlik jerime urgusy arkaly tapawutlandy. Ol hem milli ýygyndynyň düzümindäki geçiren gollarynyň sanyny 39-a ýetirdi.

Şeýlelikde, Messi bilen suares milli ýygyndynyň düzüminde çykyş eden resmi duuşşyklarynda 39 gezek tapawutlanyp, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Ronaldonyň rekordyny gaýtaladylar.

Mundan beýläk, bu 3 futbolçy Günorta Amerikanyň milli ýygyndylarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda birinji orny paýlaşýarlar.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý