JEMGYÝET

Kuweýtiň täze Emiri saýlandy

Kuweýtiň Ministrler Kabineti mirasdüşer Şazada Şeýh Nawwaf al-Ahmad al-Jabir as-Sabahyň ýurduň täze Emiri bolandygyny yglan etdi.

Kuweýtdäki As-Seýf köşgünde Premýer-ministr Sabah al-Halid as-Sabahyň ýolbaşçylygynda adatdan daşary geçirilen mejlisde, Ministrler Kabinetiniň ýazmaça beýanynda, Konstitusiýanyň düzgünleri we Emiriň mirasy barada 1964-nji ýyldaky 4-nji Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Şazada Şeýh Nawwaf al-Ahmed al-Jabir as-Sabah Kuweýtiň Emiri diýlip yglan edildi.

Kuweýtiň öňki Emiri Sabah al-Ahmed al-Jabir as-Sabah 91 ýaşynda aradan çykdy.

Kuweýtiň täze Emiri, 1937-nji ýylda doglan Nawwaf al-Ahmad al-Jabir as-Sabah, 1950-nji ýyla çenli 29 ýyl höküm süren Emir al-Ahmad al-Jabir al-Mubarek as-Sabahyň 6-njy ogly.

Täze Emir 1962-nji ýylda syýasy durmuşa baş goşup başlaýar. Nawwaf al-Ahmad al-Jabir as-Sabah 1991-nji ýyldan bäri Jemgyýetçilik meseleler we zähmet ministri, Goranmak ministri we Içeri işler ministri wezipelerinde işledi. 2006-njy ýylda Kuweýtiň mirasdüşer Şazadasy bellendi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletine sapary

Derýa Soýsal: türkmen dili – medeni gymmatlyk we siwilizasiýalaryň arasynda strategik köpri

Ata Watan Eserleri

“Terra-News”: Makul Sözlük Rus metbugatynda

Ata Watan Eserleri

“Vestiabad”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“UssatNews”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri