JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanowy gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen döwletiniň Baştutany tatarystanly kärdeşini ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen ilkinjileriň hatarynda gutlady. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilelikdäki ykdysady taslamalaryň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Aýdylyşy ýaly, türkmen-tatar gatnaşyklary mundan beýläk hem ýokary depginde dowam etdiriler.

Prezident Rustam Minnihanow mähirli gutlaglary üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çäksiz minnetdarlyk bildirdi we türkmen halkyna abadan ýaşaýyş baradaky arzuwlaryny ýollady.

Tatarystan Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda bu wezipeden ozaldan bäri işläp gelýän Rustam Minnihanow ýene-de sesleriň 83,28 göterimini alyp ýeňiş gazandy. Onuň kasam kabul ediş dabarasy 18-nji sentýabrda geçiriler.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi