SPORT

Germaniýada tomaşaçylar stadiona dolanýar

Islendik bir sport oýnunda tomaşaçylar aýratyn orny eýeleýär. Çünki tomaşaçylar oýnuň gyzgalaňly, şüweleňli geçmegine oňyt täsirlerini ýetirýär. Tomaşaçylaryň goldawy esasynda oýunçylar ruhubelent ýagdaýa gelýär. Şeýlelikde tomaşaçylary täzeden stadionlara getirmek maksady bilen dünýäde birnäçe işler alnyp barylýar.

Germaniýanyň BİLD habar gazetiniň habaryna görä, janköýerler üçin stadionlaryň gapylary açylar. Hepdäniň ahyrynda başlajak Germaniýa kubogy ugryndaky oýunlara stadionlarda mümkin boldugyndan, tomaşaçylar kabul ediler. Stadionlaryň mümkinçiliklerine baglylykda tomaşaçylar 300 bilen 10 müň aralygynda bolar.

Hepdäniň ahyrynda oýnaljak 32 oýnuň 23-si janköýerler üçin açyk bolsa-da, galan 9 oýunda kabul edilmez. Geçen möwsüm kubogyň açylyş oýnunda bary-ýogy 40 müň tomaşaçy bardy. Bu ýyl jemi 38 müň 677 adam bolar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy

“Barselona” topary 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy