SPORT

Türkmenistanda futbol möwsümi dowam eder

17-nji awgustda wagtlaýynça saklanylan Türkmenistanyň futbol çempionaty we futbol bilen bagly beýleki resmi ýaryşlar ýakyn wagtda dowam etdiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda geçirilen maslahat hut şu meselä bagyşlandy. Oňa federasiýanyň wekilleri bilen bir hatarda çempionata gatnaşyjy toparlaryň ýolbaşçylarydyr baş tälimçileri hem gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde häzire çenli ilkinji iki aýlawyň duşuşyklary geçirildi. Öňde üçünji we dördünji aýlawdan başga-da, Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş we Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bar. TFF-niň resmi saýtynda hem ýazylyşy ýaly, bu ýaryşlaryň ählisiniň geçiriljek we dowam etdiriljek seneleri barada ýakyn günlerde habar berler.

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň birinji ýarymyndan soňra «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň 33 utuk bilen öňde barýandygyny ýatladýarys. Eger «aragatnaşykçylar» beýleki ýedi bäsdeşinden saýlanyp, çempion bolup bilse, 2021-nji ýylda yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşyna — AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa Ýokary liganyň sekiz wekili gatnaşar. Ýaryşyň ýeňijisi geljek ýylda AFK-nyň kubogyna — yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna toparçalaýyn tapgyrdan gatnaşmaga hukuk gazanar. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçen möwsümiň iň iň güýçli iki toparynyň — «Altyn asyryň» we «Ahalyň» arasynda geçiriler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy