Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üç taraplaýyn onlaýn duşuşyk geçirildi. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar.
Duşuşygyň gün tertibinde ulag we logistika işini optimizirlemek, ähli gatnaşyjylar üçin deň ykdysady we maliýe şertlerini döretmek, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça haryt daşamak üçin ýeke-täk nyrh syýasaty girizildi.
Şeýle hem, her tarapdan ýeke operator bellemek we nyrhnamalary kesgitlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti jogapkär operator hökmünde bellendi. Gatnaşyjylar “Lapis Lazuli” geçelgesiniň ýük gatnawyny ýokarlandyrmak boýunça ädimler barada ylalaşdylar. Indiki duşuşygy sentýabryň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu geçelgeniň işiniň çaltlandyrylmagy babatda türkmen tarapy uly işler alyp barýar. Bu ugurda yzygidelri gepleşikleri gurnaýar. Şu ýerde “Lapis Lazuli” geçelgesi barada şu habary hem okap bilersiňiz.
«Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň depgini güýçlendirilýär
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen “Lapis Lazuli” geçelgesi taslamasyny has-da işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada hem ozal habar beripdik. Şu ýerden okap bilersiňiz.
Türkmenistan Bitewi logistik merkezi döretmekçi
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!