Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde ösüşleriň ak ýoly bilen barha öňe ilerleýän türkmen telekeçileri importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçiligiň gerimini barha giňeldýärler. Lebap welaýatynda hem önümçiligini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýup, dünýä bazaryndaky ornuny giňeldýän başarjaň hususyýetçilerimiziň birnäçesi bar. Şolaryň biri hem «Kiçi gala» hojalyk jemgyýetidir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
DAŞARY ÝURT BAZARYNA TÜKRMEN ÖNÜMLERINIŇ EKSPORTY
«Kiçi gala» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen polipropilen we polietilen haltalary geçen ýyl Gazagystan, Russiýa, Ukraina, Özbegistan ýaly döwletlere eksport edildi. Şu ýylyň başyndan bäri agzalan hojalyk jemgyýeti tarapyndan Özbegistana polipropilenden dokalmadyk mata 11 tonna möçberinde, plastmas dükçe 831 120 sany, Gazagystana 3 miliondan gowrak gaplanylýan halta eksport edildi.
Bulardan başga-da bu kärhanada ruçkalar, bedreler we daşyna ýüplükdir sapak oramak üçin niýetlenen dükjeler öndürilýär.
«Kiçi galany» ýurdumyzda ruçka önümçiligi bilen meşgullanýan ilkinji ýerli hususy taraplaryň biri hökmünde häsiýetlendirip bolar. «Rowaç» hem-de «Diýar» harytlyk nyşanlary bilen öndürilýän ruçkalar hil babatynda-da, baha taýdan ep-esli artykmaçlyga eýedir.
Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde “Keremli ädim” hojalyk jemgyýeti hem-de telekeçiler R.Rejepow, S.Rozmetowa dagylar öz hususy zawodynda polipropilen tehniki haltalary öndürilip, 2018-nji ýyldan bäri Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna, Gruziýa eksport edilýär. Bu zawod ýylyň dowamynda 100-120 tonna polipropilen haltany öndürmäge mümkinçilikleri bar.