BILIM

Tagtabazar etrabynda täze mekdep guruldy

Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Oktýabr obasynda täze döwrebap orta mekdep bina edildi. Häzirki wagtda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Obanyň bagtyýar nesilleri 2020 — 2021-nji täze okuw ýylyny täze mekdepde garşylarlar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, içinde ähli amatlyklary bolan, 2 gatdan ybarat, 320 orunlyk bu mekdebiň gurluşygyny «Erkin zähmet» hususy kärhanasynyň işewürleri alyp bardylar. Mekdep binasynda mejlisler we 2 sany sport zaly, naharhana, gyzlara we oglanlara niýetlenilen zähmet otaglary, kitaphana göz öňünde tutulypdyr. Himiýa, fizika, matematika, informatika ýaly dersleri çuňlaşdyryp okatmaga ýöriteleşdirilen otaglar hem bar. Synp otaglary interaktiw tagtalar, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylypdyr. Mekdebe ýanaşyk ýerde açyk sport meýdança-da bar. Okuwçylara zähmet endiklerini bermek üçin, bu ýerde ýyladyşhana hem gurlupdyr.

«Erkin zähmet» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileri mundan ozal Tagtabazar etrabynyň Marçak geňeşliginde orta mekdebi, Daşköpri obasynda we Serhetabat etrabynyň Galaýmor geňeşliginde bolsa çagalar baglaryny bina edip, il alkyşyna mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler