BIZNES

Bugdaý ekişine girişıler we pagta ýygymyna başlanar

Türkmenistanda ýakynda bugdaý ekişine girişiler we pagta ýygymyna başlanar. Ýurdumyzda daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi hem-de toprakdan bol hasyl öndürmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we senagat kärhanalarymyzy pagta çig maly bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda himiki we suw serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlarymyz, ähli oba hojalyk işgärlerimiz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsümleriň ikisi, ýagny bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip gelýär diýip, Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu möwsümleri gysga wagtyň içinde, ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 2-nji sentýabryndan başlap bugdaý ekişine girişmäge hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 16-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyzdan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy hem-de belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.

dünýäniň dürli künjegine syýahat bilen baglanşykly habarlary okamak üçin

 

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy