BIZNES

Türk kompaniýasyna täze taslama ynanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti  Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2 sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek barada Karara gol çekdi. Bu Karar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, olary bökdençsiz işletmek maksady bilen gol çekildi.

Çalik enerji täze taslamany durmuşa geçirer

Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna şu toplumda 2 sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnamany, desgany 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Çalik Enerji kompaniýasy häzire çenli Türkmenistanda birnäçe gaz turbinalay elektrik stansiýasynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlady.

ykdysadyýet ulgamyna degişli habarlar okamak üçin

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Bäsleşik : 25 baýrak we jemi 25.000,00 manat möçberinde pul baýraklary

Ýene-de okaň

Russiýadan Gazagystana täze gaz geçirijisi gurlar

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri