DÜNÝÄ

Perriniň gyzy boldy

Meşhur aýdymçy Ketti Perri bilen aktýor Orlando Bloomyň çagasy boldy. Çaganyň adyna ene-atalary “Deýzi Daw Bloom” diýip at dakdylar. 35 ýaşly aýdymçy Perri hem-de 43 ýaşly aktýor Bloom jemgyýetçilik torundaky hasabyndan çagalarynyň dünýä inendigini habar berdiler.

Şeýle hem Perri we Bloom muşdaklaryna çagalarynyň dünýä inendigi habar berip, her gün müňlerçe çaganyň dünýä inýändigini, şonuň üçin olar üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we serişdeleriň üpjün edilmegi babatda BMG-niň Çagalar gaznasyna (ÝUNISEF) haýyr-sahawat etmäge çagyrdy.

Deýzi atly gyzjagazyň dünýä inmegi bilen Perri we onuň ýoldaşy Bloom ÝUNISEF guramasyna eneler we çagalar üçin haýyr-sahawat berýändiklerini habar berdiler.

Related posts

2021-nji ýyl: dünýäde ýatda galan wakalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Günorta Aziýa” işewürlik geňeşini döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Putin we dünýä liderleri Hytaýa bardylar