Adamzadyň ýaşaýşynda derwaýys zatlaryň biri-suw. Hut şonuň üçin dälmi näme, pederlerimiz ony altyna deňäp, «Suw damjasy-altyn dänesi» diýeni. Gürrüňi ýok, altynsyz oňsa bolar, emma suwsyz weli… Çüňki suw-ýaşaýşyň gönezligi. Suw bolmasa, biz teşneligimizi neneňsi gandyrardyk, geýim-gejimizi tämizläp bilerdik?! Şol bolmasa, ekin ekip, mal-gara saklap, oňşuk dolandyryp bilmezdik ahyry! Ýer ýüzündäki barça janly-jandaryň dem alşyny kislorod bilen üpjin edip, onuň işläp çykarýan zyýanly maddasyny-kömürturşy gazyny öžüne siňdirip, tebigatyň durnuklylygyny, mizemezligini, bakylygyny mizan terezesi deýin sazlaýan, dürli ululykdaky al-ýaşyl öwüşgünli ot-çöpleri ösdürýän ýene şol gudratly suw. Bu aýdanym ekologiýa ylmyndan bir damja. Mahlasy, suw bolmasa, ýaşaýşam ýok, durmuşam.
Türkmende «Suwy suwa guý» diýen ganatly söz bar. Bu onuň: «Ýolagçy bolup ýanyňa suw göteriniňde, bol suwuň üstünden düşmän, oba-gara aralaşman, ony ýedi ýolda dökäýmegiň, ýalňyşarsyn» diýdigi. Hudaýa şükür, şäherlerimizde, köp obalarymyzda hem turbalar arkaly her bir öýe birsydyrgyn suw akyp dur. Çarwa ilaty suwy aglaba guýulardan, çeşmelerden, howuzlardan, howdanlardan, ýata suwlardan, ýagny ýagşyň, erän garyň çöket ýerlerde uzak wagtlap saklanýan ýerlerinden (oňa kak, boş suw diýýänlerem bar) alyp haýyrlanýarlar.
Beýleki suw ýataklary bilen birlikde, guýular obalarda, maldarçylykda henizem öz gymmatyny ýitirenok. Guýy suwlary tomsuna aram sowuk, gyşyna-da ýyly bolýar. Biziň oglan çaglarymyzda her öýüň böwründe 10-15 bedre ýerleşýän agaç çelekler bolardy. Şolary guýy suwundan bedre bilen bilen daşap doldurardylar. Biziň görýän guýularymyzyň çuňlugy dürli-dürlidi. Obalarda çuňlygy 5-10 gulaçdan başlap 20-25, hatda ondan-da geçýän guýular az däldi. Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden, takmynan, 350-400 kilometr çemesi demirgazyk-günbatara aralaşsaň, şol ýerdäki guýlaryň hemmesiniň düýbüniň daşlygyndan ýaňa suwy ýyldyz şekilli zordan ýyldyrap görnerdi. Ol guýularyň süňňi, pil näme, telli-pelli zähmet gurallaryna başartmaýan gurşundan guýlan dykyz, gaýym ýalçy daş. Ony howlukman, darykman, irmän-ýadaman ençeme günläp, belki, aýlap çekiçdir çapgyç bilen gazypdyrlar. Oklaw ýaly göni, dik gazylan guýularyň ini ýarym gulaçdan agdyk däl. Olary diňe bir ussa gazýan bolmaly, iki adam ýerleşerli däl. Oturyp-turyp haýran galýaryn, şol jogapkärli, öte kyn işi boýun alyp, soňam ony birkemsiz amal eden ýöne-möne adam bolmaly däl. Onsoňam, ussa şol ýerden suwuň çykjagyny nämä esaslanyp bildikä?..
Eždatlarymyzy alnymyza togap edäýmeli. Şolaryň janaýamazakly zähmeti, aňy-düşünjesi netijesinde aňyrsy-bärsi görünmeýän ymgyr çöllerde çuňňur guýular gazylmadyk bolsa, maldarlar suw gözleginde kösenip, başga ýerlere göçmeli bolardylar. Ata-babalarymyz özleriniň el hünärlerini geljek nesillere miras goýup, taryhy iş edip gidipdirler. Çuňňur gazylyp, ýerasty suwlaryň üstünden düşen guýularyň suwy sarkmaýar, tükenmeýär. Beýle guýulara maldarlar «Ýerasty çeşmeli guýular» diýýärler. Ýeriň 4-6 gulaç töweregi çuňlugynda ýalçy daş gatlawy bolan guýulara «Jyrla guýulary» diýilýär. Olaryň suwy ýagşyň, erän garyň, golaýyndan akyp geçýän çaý-çiliň yzgarynyň ýere siňiş mukdaryna bagly. Ýalçy daş özüne siňen yzgary aşak göýbermän, dowamly irkip durup, jyrla guýularyny suw bilen üpjin edýär. Bardy-geldi, köp ýyllap, asmandan hem damman, gurakçylyk bolsa, jyrla guýularyň suwunyň üzil-kesil kemelmeginiň ujy iki däldir.
Ekologiýa, tebigaty goramak düşünjesinden her bir raýatyň habarly bolmalydygyny bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Çünki tebigat-biziň umumy öýümiz, umumy ýaşaýyş jaýymyz. Ony ýatyp-turýan, ýaşaýan mukaddes öýümiz kimin eý saklamaly ahyry! Muňa birki mysal getireýin. Ýokarda ady agzalan etrabyň Goýmat obasynda birmahallar jyrla guýularyň daş-töwereginde deri, bagana duzlapdyrlar. Gökden düşýän ygalyn netijesinde bolsa, ol duzlar assa-assadan guýulara siňip, suwuň hiline ýaramaz täsir edipdir. Çagyl obasynyň ortaragyndan uly çaý akyp geçýär. Çaýyň iki kenarynda bolsa guýular ýerleşýär. Oba ýaşaýjylary çaý joşup gelen çagy özi bilen alyp gitsin diýip, küllerini, aňry-bäri zibillerini şol çaýa döküpdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu guýularyň bal ýaly süýji suwy öz tebigy gymmatyny peseltdi. Soňky döwürde degişli guramalaryň, ýerli ýaşaýjylaryň tagallasy esasynda tebigaty hapalaýan hereketleriň soňuna çykyldy. Oba ilaty guýularyň, beýleki suw ýataklaryňam päkize saklanylmagyna uly ähmiýet berýär. Her ýyl guýularyň içi arassalanyp, ol-bu ýerleri bejerilip durulýar. Ötenlerimiz haýyr-sogap bolsun diýip, obalarda guýular, öri meýdanlarynda hem mal-gara suwlanar ýaly howuzdyr howdanlar gazypdyrlar. Gowy tarapy, soňra şol suw desgalary il bahbitli üçin asylly iş eden adamlaryň ady bilen tutulýar. Meselem, Annasatlygyň guýusy, Nazaryň guýusy, Ýagşymämmediň guýusy, Iljanyň howzy, Mazyň howzy, Mirişiň sowmasy we başgalar. Ýagşylyk unudulmaýar.
Guýy bilen baglanşykly bir ahwalat ýadyma düşýär. Onuň geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bolup geçen bolmagy ähtimal. Maldaryň işi, durmuşy dogrusynda makala taýynlamak maksady bilen, uzak öri meýdanlaryna gidipdik. Turuwbaşdan aýak basan ýerimiz Kyrksekiz diýilýän guýydy. Barsak, agyr garaköl sürüsi suwa ýakylyp duran ekeni. Birden zoluň urgany üzülip, gowa guýynyň düýbüne galdy. Ony, gürrüňsiz, alaýmalydy, ýogsa süri suwsyz heläk boljakdy. Çak bilen 30 gulaç töweregindäki darajyk guýa girip-çykjak bolsaň, atyň kellesi deý ýürek gerekdi. Ýaş çopanlar içini gepledip, bir karara gelýänçä, süriniň baş çopany Öre aga guşagyny mäkäm çekip:
- Ötenlerimiz iňňe bilen gazan ýaly görgi baryny görüp, şu guýulary gazypdyrlar. Gel-gel, biz indi muňa girip-çykmaga heder edýärismi? Men girýän-diýdi-de, gowany alyp çykdy.