JEMGYÝET

Türkmenistanyň BMG-däki nobatdaky başlangyçlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde açyljak 75-nji ýubileý mejlisinde beýan ediljek ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berildi. Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiziň baş pikirleriniň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe möhüm ugurlary özünde birleşdirýär.

Pandemiýa garşy göreş boýunça başlangyçlar

Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykan ählumumy wehime — täze görnüşdäki ýokanja garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagynyň netijesinde, durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmekde halkara jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalaryny berkitmek ugry bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen köptaraplaýyn ýokary derejedäki maslahatlaryň çäklerinde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen geçiren gepleşiklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işler ýerine ýetirildi.

Olaryň arasynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de bu babatda alym-lukmanlaryň we degişli bilermenleriň yzygiderli pikir alyşmagy üçin zerur gurallary döretmek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamany, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny döretmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek bilen bagly teklipler bar.

Halkara parahatçylygyny goldamak boýunça başlangyçlar

Häzirki şertlerde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden kararnamalary bilen ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi bolup durýar.

Bu babatda bitaraplygyň syýasy-hukuk nukdaýnazardan berýän mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň halkara binýadyny giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti» atly kararnamasynyň taslamasynyň üstünde işlemek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem BMG-niň howandarlygynda dawalaryň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini ýok etmek, ynsanperwer ugrundaky meseleleri çözmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak üçin häzirki wagtda Bitaraplygyň Dostlarynyň toparyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde agzalan Toparyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, halkara meseleleri düzgünleşdirmek üçin bitaraplyk ýörelgelerinden netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçiriler.

Türkmenistan tarapyndan ählumumy we sebit howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işini mundan beýläk hem güýçlendirmek üçin Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu merkeziň işine bagyşlanan ýörite Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli başlangyjyny öňe sürmek we 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda kabul edilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, geljekki ýylda şol meselä bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forumyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş etmek teklip edilýär.

Ählumumy howpsuzlygy berkitmek ugrunda Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan meseleleri hökmünde terrorçylyga, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, bikanun ýarag söwdasyna we adam söwdasyna garşy göreşmegi kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Bu babatda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy Strategiýasyny sebit derejesinde durmuşa geçirmekde gazanylan tejribelerine esaslanyp, bu Strategiýany durmuşa geçirmek boýunça Sebitara syýasy gepleşikleri guramak teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde BMG-niň howandarlygynda yzygiderli esasda Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça Ählumumy forumy guramak başlangyjyny öňe sürmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Halkara we sebit derejelerde durnukly ösüşi gazanmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça BMG-niň ýokary derejeli maslahatyny 2022-nji ýylda geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.

Durnukly ösüş bilen baglanyşykly başlangyçlar

Türkmenistan tarapyndan dünýä ykdysady ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde energetika, senagat, ulag we söwda ugurlary kesgitlemek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hususan-da, milli Liderimiziň energetika ugrunda halkara energiýa howpsuzlygy boýunça başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini dowam etmek bilen, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň durnuklylygy we ygtybarlylygy boýunça halkara hukuk guralyny döretmek üçin açyk görnüşli Halkara bilermenler toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edilýär hem-de bu babatda Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Durnukly ulag ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin häzirki döwürde ulag ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de çylşyrymly halkara şertlerinde kadaly we howpsuz işlemeginiň hukuk binýadyny ösdürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda taýýarlanylan ygtybarly halkara, yklym we sebitara ulag daşamalary üpjün etmek boýunça ýörite Kararnamanyň taslamasyna seretmek meýilleşdirilýär.

Bu babatda Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň halkara maslahatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak we kabul ediljek resminamalar ýokarda agzalan meseleler boýunça anyk netijeleri gazanmaga ýardam berer.

BMG-niň we onuň edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda ýaramaz ekzogen (tebigy) ýagdaýlarynyň täsiri astynda ýaşaýan we daşky gurşaw töwekgelçiligine sezewar bolan sebitlerde ýokanç keseliň pandemiýasynyň howplary döredýändigini bellemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligini Aral deňziniň ekologiki betbagtçylygyna aýratyn üns bermäge çagyrýar.

Hususan-da, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde öňe süren Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmegi dowam etdirer.

 

Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçirjek nobatdaky mejlisinde bellenip geçilen Ýörite maksatnamanyň Konsepsiýasynyň we gurluşynyň taslamasyny hödürlemek meýilleşdirilýär.

Ekologiýa ugurda amala aşyrylýan halkara işleriň çäklerinde häzirki wagtda Hazar deňzinde biodürlüligi saklamaga gönükdirilen täze Hazar ekologiýa maksatnamanyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda BMG-niň resminamalarynyň esasynda kabul edilen milli, sebit hem-de global strategiýalary, maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen anyk çäreleriň geçirilmegi teklip edilýär.

Ynsanperwer ugurdaky başlangyçlar

Hususan-da, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň sebit edarasynyň Aşgabatdaky ýörite wekiliniň işine başlanmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny taýýarlamagy we bu resminamada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň milli institutynyň ösmegine hem-de onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňelmegine aýratyn orun berilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär