BILIM

Täze okuw ýylyna taýýarlyk: 1,4 million okuwçy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Umumybilim edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň we okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesi» işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar nazarda tutulyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çäreleri yzygiderli geçiriler, bilim edaralarynda okuwçylardyr talyplaryň sapaklara gatnaşygy bilen baglanyşykly işler täze düzgünler esasynda ýola goýlar diýlip Aýgül Rahymowanyň “Türkmenistan” gazetinde çykan makalasynda aýdylýar.

Makalada şeýle hem şu okuw ýylynda ýurdumyz boýunça 159 müň 374 çaga birinji synpa kabul ediler. Olaryň ählisine däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler. 1-nji sentýabrdan başlap, ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda mugallymlaryň 81 müňden gowragy 1 million 400 müň okuwça bilim berer diýip geçilýär. Awtor ýurdumyzyň bilim işgärleri mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak, täze iş usullaryny öwrenip, bilim derejesini artdyrmak, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak hem-de okuw-usulyýet işlerini innowasion usulda guramak boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini alyp bardylar diýip belläp geçýär.

Ýene-de okaň

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri