Türkmenistanda geomaglumatlar merkezi döredilýär

Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanlylaşdyrylmagy hem-de häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Geomaglumatlar merkezi bu ugurda amala aşyrylýan uly ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle merkeziň döredilmeginiň zerurdygy barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp 14-nji awgustda geçirilen mejlisinde nygtady.

Bu merkez giňişlikler hem-de onuň bilen baglanyşykly şäher düzüminiň ähli desgalary baradaky maglumatlary toplamaga, saklamaga, seljermäge we 3D nusgasyny ulgamlaşdyrmaga gönüden-göni ýardam berer.

Milli Liderimiz şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu giň gerimli işlere paýtagtymyz Aşgabatdan başlamalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäheriniň 3D nusgasyny döretmek hem-de inženerçilik ulgamlaryny, binalary hem-de ýer böleklerini sanlylaşdyrmak boýunça çäreleri görmek tabşyryldy.

Başgaça aýdylanda, innowasiýa tehnologiýalary arkaly türkmen paýtagtyny geljekde hem ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin onuň düzümleri barada giňişleýin düşünje berýän maglumatlar kemala getiriler hem-de olara toplumlaýyn baha berler. Hojalyk, önümçilik, dolandyryş işleriniň sanlylaşdyrylmagy geljekde «akylly» şäherleri döretmäge mümkinçilik berer, olarda ilatyň zerurlyklary has doly we dessin kanagatlandyrylar.

SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ KONSEPSIÝASY

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilendir.

Sanly ulgama geçmek ykdysadyýetiň milli nusgasyny ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Bu strategiýa diňe bir durnukly oňyn ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetimiziň dünýä bazarynyň özgermegine uýgunlaşmaga hem-de daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berdi.

Bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesi, şol sanda «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda — rejelenen görnüşde), «Türkmenistanyň Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanunlar we beýlekiler kabul edildi.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi möhüm ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Onda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet tarapyndan berilýän uly goldaw döwrebap sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda hem-de welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollarynyň bölünip berilýändigini habar berendigini ýatlatmak

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

2026;Hepdelik täleýnama (19-njy -25-nji ýanwar )

23-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär

Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Trampyň ýolbaşçylygynda Dawosda “Parahatçylyk geňeşi” döredildi

Ata Watan Eserleri

22-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Aşgabatda Bütindünýä türki diller maşgalasy güni bellendi

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi