JEMGYÝET

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi.

Döwlet Baştutany ministrligiň ähli düzümleriniň sazlaşykly hereket etmeginiň möhümdigini nygtap, ýol-gözegçilik gullugynyň işini talabalaýyk guramaga aýratyn üns bermegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini berjaý etmegiň, ilatyň arasynda degişli düşündiriş çärelerini guramagyň hemişe üns merkezinde saklanylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Gulluk tarapyndan bu babatda işler yyzgiderli geçirilýär. Döwlet telewideniýesine her gün birnäçe ýola köçe-ýol hereketleriniň düzgünleri barada düşündirişler berilýär. Ýakynda gulluk tarapyndan ulaglaryň tizligini ölçemek işiniň hem has döwrebaplaşdyrylandygyny habar beripdik.    

Related posts

Gresiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Rasul Klyçew bilen ajaýyp pursatlar size garaşýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Kosmosda 1111 gün: Oleg Kononenkodan taryhy rekord