TEHNOLOGIÝA

Ilkinji hyrydar Germaniýa

Türkiýäniň «Togg» kompaniýasynyň «C-SUV» kysymly ilkinji elektrikli ulagy eýýämden müşderilerini tapyp başlady. Türk metbugatynda bu ulaglaryň ilkinji eksport ediljek ýurdunyň Germaniýadygy aýdylýar.

Kompaniýanyň baş direktory Gürkan Karakas ilkinji awtoulaglaryň öňümizdäki 18 aýyň içinde, ýagny 2022-nji ýylyň başynda gurnama ulgamyndan çykjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, elektrikli ulaglar dessine Germaniýa eksport ediler. Soň bolsa kompaniýa Italiýa we Fransiýa awtoulag ibermekçi.

«Togg» kompaniýasynyň ulaglary bäş görnüşde öndüriler. Olaryň ählisi özboluşly aýratynlyga eýe bolar. Aýdylyşyna göräm täze elektrikli ulaglar bir gezekli zarýadlandyrma bilen 500 kilometre çenli ýol geçip bilerler. Olar sagatda 100 kilometr tizlige 4,8 sekuntda çykar.

Related posts

“iPhone 16” we “iPhone 16 Pro” tanyṣdyryldy

Awotulag sergisi ýatyryldy, ýöne “ýylyň ulagy” saýlandy

57 günde 1 million sanysy satyldy

Ata Watan Eserleri