SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa ilkinji bolup Covid-19 sanjymyny bellige aldy

Russiýa dünýäde ilkinji bolup koronawirusa garşy sanjymy bellige aldy. Sanjymyň köpçülikleýin öndürilmegi ýakyn wagtda başlar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belläp geçýär. Russiýanyň Prezidenti öz gyzyna hem koronawirus sanjymynyň edilendigini belledi.

Hytaýda başlap, tutuş dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy sanjym etmek esasy mesele bolup durdy. Bu babatda ilkinji ädimi Russiýa Federasiýasy ätdi. Russiýada taýýarlan sanjymy ýurduň Saglyk ministrligi tassyklady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet agzalary bilen wideo konferansiýa arkaly duşuşyk geçirip, Russiýada koronawirus ýokançlygyna garşy dünýäde ilkinji sanjymyň hasaba alnandygyny habar berdi.

– Meniň bilşime görä, şu gün irden dünýäde ilkinji bolup, täze koronawirus ýokançlygyna garşy sanjym hasaba alyndy – diýip, Putin belläp geçdi. Rus Lideri bu barada hökümet ýygnagynda ýurduň saglyk ministri Mihail Muraşkodan hasabat aldy.

Ýurduň saglyk ministriniň ozal belläp geçişi ýaly, Russiýanyň Saglyk ministrliginiň N.F.Gamaleý adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli gözleg merkezi tarapyndan taýýarlanan sanjymyň kliniki synaglary tamamlandy.

Wladimir Putin Russiýada hasaba alnan koronawirus sanjymyny ýakyn wagtda geçirip başlamalydygyny, we sanjymlaryň meýletin bolmalydygyny belledi.

Şeýle hem Putin ýakyn wagtda bu sanjymy köpçülikleýin öndürilmeginiň amala aşyryljakdygyny we isleg bildirýänleriň sanjym bolup biljekdigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde Putin “munuň, elbetde, diňe meýletin edilmelidigini” belläp geçdi. Putin wagtyň geçmegi bilen dünýäde koronawirusa garşy sanjymlaryň has köp möçberde peýda bolmagyna umyt baglaýandygyny hem belledi.

www.atavatan-turkmenistan.com
www.atavatan-turkmenistan.com

Bu habaram okaň!

Dünýäde ilkinji sanjym: “Sputnik-V” diýlip atlandyryldy

 

 

COVID19 WE SAGLYK BARADAKY HABARLAR OKAMAK ÜÇIN LIKNE GIRIŇ

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy