JEMGYÝET

Türkmen Lideri Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Related posts

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

 Türkmenistanyň Prezidenti amerikaly işewürleri kabul etdi