JEMGYÝET

Her sygyrdan 10 litrden gowrak süýt alynýar

Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň «Üç depe» ýaýlasynda ýerleşýän döwrebap maldarçylyk toplumynda daşary döwletlerden getirilen köp süýt berýän golşteýn hem-de simmental tohumly mallar idedilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýaş işewür telekeçi Nury Annaöwezowyň ýolbaşçylyk edýän bu toplumynda häzirki wagtda 577 baş gara mal bolup, olaryň 220-si sagylýan sygyrlar, galanlary baka goýlan mallar we ýaş gölelerdir. Mallara weterinariýanyň talaplaryna laýyk ideg edýän toplumyň işjeň maldarlary her günde 2,5 tonnadan gowrak ýokary hilli süýt öndürmegiň we sarp edijilere ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Maldarçylyk toplumynyň işgärleri şu ýyl mallardan alynýan süýdüň möçberini 750 tonna ýetirmegi maksat edinýärler. Bu ýerde dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň iň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligi döwrebap, ylmy esasda guramaga ýardam berýär.

Toplumda sygyrlary sagmak, ýaş göleleri iýmitlendirmek ýörite enjamlaryň kömegi bilen alnyp barylýar. Maldarçylyk toplumynda döwrebap derejede gurlan gyşky hem-de tomusky ýataklaryň bolmagy mallara ýaş aýratynlyklaryna görä ideg etmäge şert döredýär. Mallaryň ýokumly, witaminlere baý ot-iýmler bilen birkemsiz üpjün edilmegi et öndürmek üçin niýetlenen sygyrlaryň sagdyn ösmegine ýardam edýär. Toplumyň hünärmenleri geljekde etiň öndürilişini her ýylda ýüz tonna ýetirmegiň üstünde hem iş alyp barýarlar.

Topluma 400 gektar ýer bölegi bölünip berlipdir. Şonuň 3 gektarynda mal ýataklary we gaýry desgalar gurlupdyr. Galan 397 gektarynda bolsa ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdirilýär. 

Häzirki günlerde bu ýerde mallara gyş, ýaz döwürleri üçin mekgejöwen silosyny hem-de ýorunja bedesini taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýokary hilli maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga saldamly goşant goşýan bu toplumyň işewürleriniň geljekki maksady süýdüň, etiň öndürilişini has-da ýokarlandyrmakdan ybarat.

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi