DÜNÝÄ

Emlägi 100 milliard dollardan geçdi

ABŞ-nyň “Facebook” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň baýlygy 100 milliard dollardan geçdi. Bu barada “Bloomberg” agentligi tarapyndan düzülen milliarderleriň reýtinginde bellenilip geçilýär.

Maglumatlara laýyklykda, Sukerberg emlägi 100 milliard dollardan geçen 3-nji işewür boldy. Sanawda birinji orny “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos (190 mlrd$) eýeleýär.  Ikinji orunda “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts (120 mlrd$) barýar.

“Bloomberg”-iň habar bermegine görä, Sukerberg 2020-nji ýylda 22 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

“Facebook” kompaniýasy 2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda Sukerberg we onuň 3 sany talyp dosty tarapyndan Garward uniwersitetinde okaýan döwründe esaslandyryldy. Kompaniýanyň hünärmenleriniň beýanatyna görä, dünýäde 2,7 milliarddan gowrak adam azyndan aýda bir gezek bu kompaniýanyň hyzmatyndan peýdalanýar. Bu kompaniýanyň düzüminde “Facebook” we “Instagram” jemgyýetçilik torlary, “WhatsApp” we “Messenger” ýaly goşundylar bar.  “Facebook” dünýäniň iň uly jemgyýetçilik torudyr.

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy

Baku şäherinde “Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy