Fransuz deňiz inženeri Žan-Mişel Duakansel tarapyndan döredilen “Anthenea” eko-lýuks myhmanhanasy her kimiň aýry-aýry ýer gözleýän, howpsuz aralygyň saklanýan döwründe rahat dynç almak üçin niýetlenendir. Bu myhmanhana ilkinji gezek gözüň düşende ol deňze taşlanan “UFO” enjamyna meňzeýär.
1977-nji ýylda döredilen Jeýms Bonduň filminden höweslenen inženerler 100 göterim ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan işlenip bilinýän materiallar ulanyp, bu myhmanhanany işläp düzdiler. Onuň üsti gümmez şeklinde bolup, Gün panellerinden ybaratdyr. Ýagny, myhmanhana elektrik toguny özi üpjün edýär.
Öý gämisi üç esasy ýaşaýyş meýdançasyndan ybarat. Birinji gatda amatly diwan we kiçiräjik bar, iki adamlyk ýatylýan otag hem-de kiçijik aşhana bar. Ýokarky gatda 12 adama niýetlenen açyk meýdança bar. Myhmanhananyň aşaky böleginden suwuň aşagyndaky janly-jandarlaray synlamaga mümkinçilik bar.
Sanly planşet tarapyndan dolandyrylýan bu kaşaň myhmanhana syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.