Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.
Bäsleşikli söwdalar 2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň,“Türkmengaz” döwlet konserniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Ahal, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalarynyň sanawy “Türkmenistan” gazetiniň 2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda sanynda çap edildi.
Şol sanawda 48 desganyň hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bildirişde desgalaryň ady,ýerleşýän ýeri, desgalaryň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (inedördül metr), başlangyç
Bahasy (manat) we hususylaşdyrmagyň şertleri görkezilipdir.