SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19 sanjymy: lukmançylyk synaglaryna başlady

ABŞ-nyň “Johnson & Johnson”derman kärhanasy täze koronawirus (Covid-19) sanjymyny synagdan geçirip başlady. “Clinical Trials Arena” internet neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa ABŞ-da we Belgiýada “Ad26.COV2.S” sanjymynyň 1-nji we 2-nji tapgyrynyň kliniki synaglaryna başlady.

18-55 ýaş we 65 hem-de şondan ýokary ýaşly müňden gowrak sagdyn meýletinçiniň gatnaşmagynda bu sanjymyň synagy amala aşyrylyp, onuň howpsuzdygyny, bolup biljek zyýanly täsirleri we immun ulgamy güýçlendirmekdäki täsirini barlamak göz öňünde tutulýar.

Bu sanjymyň adamlar öň haýwanlarda synag edilendigi we onuň Covid-19-yň öňüni alýan we dem alyş ýollarynyň ýokançlygynyň öňüni alýan antikorlary öndürmekde üstünlik gazanylandygy mälim edildi.

Kompaniýa ABŞ-daky we Belgiýadaky kliniki synaglardan soňra Niderlandlarda, Ispaniýada we Germaniýada synag geçirmegi meýilleşdirýär.

Bu synaglar üstünlikli bolan halatynda kompaniýa geljek ýyl 1 milliard dozadan köp mukdarda sanjym öndürmegi meýilleşdirýär.

KLINIKI SYNAGLAR 3 TAPGYRDA AMALA AŞYRYLÝAR

Sanjymyň giňden ulanylmagy üçin onuň kliniki synaglarynyň 3 tapgyrda adamlarda synag edilmeginiň hökmanydygy bellenilip geçilýär. Birinji tapgyrda az sanly adamyň gatnaşmagynda sanjymyň howpsuzdygy hem-de bolup biljek zyýanlary seljerilýär.

Ikinji tapgyrda saNjymyň howpsuzdygyny tassyklamak üçin 100-den gowrak adamda synag edilýär. Üçünji we iň soňky tapgyrda bolsa, müňlerde adamda synag edilýär. Bu synag işleri birnäçe aý, hatda birnäçe ýyl dowam edip biler.

26 GÖRNÜŞLI SANJYM SYNAG EDILÝÄR

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, 31-nji iýuldaky maglumatlara laýyklykda COVID-19 ýokanjyna garşy 26 sanjymyň kliniki synaglary, 139 sanjymyň bolsa kliniki synagdan ozalky işleri amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy