SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Tomus aýlarynda özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar we ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak mümkinçiligi ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň hem öz düzgünleri bar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Tomusda howanyň yssylygy sebäpli adam bedeni suwy köp ýitirýär, şol sebäpli suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar we ony guraklykdan goraýar. Lukmanlar suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegi maslahat berýär. Tomusda günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw içmeli.

Lukmanlaryň bellemegine görä, irden turup, ajöze bir bulgur arassa suw içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Türgenler bedendäki suw deňagramlylygyny kadada saklamak üçin her ýarym sagatdan owurtlap suw içmeli. Suw deňagramlylygy bozulsa, bedene düşýän fiziki agram ganyň goýalmagyna we gan basyşynyň peselmegine getirýär. Bedene gerek mukdardaky suwy kabul etse, türgenleriň çydamlylygy ýokarlanýar. Käbir adam limonly suwy içmegi halaýar. Bu adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we gerek bolmadyk ýaglardan, suwuklyklardan saplanmaga kömek edýär. Limonly suwuň güýç beriji häsiýeti kofeniňkiden pes däl, ol adamy dok saklaýar. Limon şiresini mineral suw bilen garsaň hem beden üçin peýdalydyr. Berhiz saklamazdan, irden limonly suwy ajöze içmegi we günüň dowamynda birnäçe limon bölejiklerini iýmegi endik edinseňiz, aşa semremekden goranarsyňyz.

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy