TEHNOLOGIÝA

“Apple” emeli aň üçin 20 kompaniýa satyn aldy

“Apple” kompaniýasy emeli aň tehnologiýalary boýunça işleýän firmalary iň köp satyn alýan kompaniýa boldy. “CB Insights” -yň hasabatyna görä, “Apple” soňky 10 ýylda emeli aň tehnologiýalary babatda işleýän 20 kompaniýany satyn aldy.  Bu babatda “Google” kompaniýasy  14 firma, “Microsoft” bolsa 10 firma satyn aldy.

“Apple” 2010-2019-njy ýyllar aralygyndaky bäsdeşlerinden has köp möçberde emeli aň babatda iş alyp barýan firmalary satyn aldy. Munuň özi kompaniýanyň emeli aň tehnologiýalaryna has köp üns berýändiginiň subutnamasydyr.

Soňky 9 ýylyň dowamynda jemi 635 emeli aň tehnologiýalary boýunça hereket edýän firmalar satyn alyndy.

Hasabata görä, “Apple” bu emeli aň firmalaryny “iPhone” telefonlary üçin satyn alýar. Satyn alnan 20 firma “Apple” kompaniýasyna “iPhone” görnüşli telefonlaryna täze aýratynlyklar goşmak üçin goldaw berýär.

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi