SPORT

Sterling “Adidas” bilen şertnama baglaşdy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyñ hüjümçisi Rahim Sterling meşhur kompaniýalaryñ biri bolan “Adidas” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga gol çekdi diýip, “AS” metbugaty habar berýär. Şertnamanyñ ýyllyk bahasy 11 million ýewro barabar boldy. Bu bolsa Angliýanyñ futbol taryhy boýunça rekord şertnama hasaplanyldy. Sterling öñ “Nike” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda boldy we onuñ şertnamasy 31-nji iýulda tamamlanýar we soñra “Adidas” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.

“Adidas” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga başlamagynyñ sebäbi hem Ispaniýanyñ “Real Madrid” toparyna transferine bir ädim ýakynlaşýandygynyñ alamaty diýip bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Şa toparynyñ hemaýatkäri hem “Adidas” kompaniýasydyr.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol wekiliýeti Wankuwerde