Gurluşyk pudagynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary M.Orazowyň ýolbaşçylygynda şol ministrligiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyna Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy I.Kreslawskiý ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Sankt-Peterburgyň daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Hlutkow we Sankt-Peterburgyň işewürler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda gurluşyk ulgamynda tejribe alyşmak, ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň täze önümçilik tehnologiýalaryny girizmek meseleleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy, durnuklylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar 2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň,  ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda ýetilen ylalaşyklara laýyklykda bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary barada belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

Greýs Wan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellendi

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi