SPORT

Kriştiano Ronaldodan ýene bir rekord

Kriştiano Ronaldo indi ýylyň ýylyna birnäçe rekordlary goýup, özüniň rekordlaryny artdyrýar. Ynha, şeýle rekordlaryň biri hem “Ýuwentusyň” şu möwsüminde toparyň taryhyna ýazyldy.

Ýagny “Ýuwentusyň” portugaliýaly ýyldyz oýunçysy Kriştiano Ronaldo toparda 1960-1961-nji ýyllaryň möwsümden bäri 1 möwsümde 25 gol salan ilkinji “Ýuwentusly” oýunçy bolmagy başardy. Şeýlelik bilen Kriştiano Ronaldo ýene-de bir rekorduny goýdy.

Ronaldo islendik bir toparyň lybasynda, meýdançasynda oýnasa hem özüniň çalasynlygy, çeýeligi bilen beýleki oýunçylardan tapawutlanyp, ýaş oýunçylara görelde bolup gezýär. Kriştiano indi futbol äleminde özüniň öçmejek yzyny galdyrar.

Related posts

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary “Al-Arabi” topary bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Buffon özüne täze topar tapdy

Ýewro-2020-niň iň gowy we owadan goly saýlandy