BILIM

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Bi­na­gär­lik (hü­när­ler: bi­na­gär­lik; şä­her­gurlu­şyk we ilat­ly ýer­le­ri me­ýil­leş­dir­mek; bi­na­gär­lik gur­şa­wy­nyň di­zaý­ny);
  2. Gur­lu­şy­gyň teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­giýa­la­ry (hü­när­ler: se­na­gat we ra­ýat jaý gur­luşy­gy; ýy­ly­lyk, gaz üp­jün­çi­li­gi we ho­wa çal­şy­gy; suw üp­jün­çi­li­gi, ula­ny­lan suw­la­ry ak­dy­ryş we suw gor­la­ry­ny go­ra­mak; aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň we uçuş meý­dan­ça­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy; gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, önüm­le­ri­ni we konst­ruk­si­ýa­la­ryny ön­dür­mek; köp­rü­ler we ulag ton­nel­le­ri; şä­her gur­lu­şy­gy; ama­ly geo­de­zi­ýa; goz­gal­ma­ýan emläk­le­riň eks­per­ti­za­sy we do­lan­dy­ry­ly­şy);
  3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hü­när­ler: mag­lu­mat­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry; mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň prog­ram­ma üpjün­çi­li­gi; mag­lu­mat-öl­çe­ýiş teh­ni­ka­sy we teh­nolo­gi­ýa­sy);
  4. Elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­naşyk ul­gam­la­ry (hü­när­ler: se­na­gat elekt­ro­ni­kasy; mik­roe­lekt­ro­ni­ka we ýa­rym ge­çi­ri­ji ab­zal­lar);
  5. Elekt­ro we ýy­ly­lyk ener­ge­ti­ka­sy (hü­närler: elekt­rik üp­jün­çi­li­gi; se­na­gat des­ga­la­ry­nyň we teh­no­lo­gik top­lum­la­ryň elekt­ro­he­re­ket­len­di­ri­li­şi hem-de aw­to­ma­ti­ka­sy);
  6. Ma­şyn­gur­lu­şyk (hü­när­ler: önüm­çi­li­giň we teh­no­lo­gi­ýa pro­ses­le­ri­niň aw­to­mat­laş­dy­ry­ly­şy; gö­te­ri­ji-äki­di­ji, gur­lu­şyk, ýol ma­şyn­la­ry we enjam­la­ry; hi­mi­ýa önüm­çi­li­gi­niň we gur­lu­şyk ma­teri­al­la­ry kär­ha­na­la­ry­nyň ma­şyn­la­ry we ap­pa­rat­lary);
  7. Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hü­när­ler: or­gani­ki däl mad­da­la­ryň hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy; ereme­si kyn me­tal däl we si­li­kat ma­te­ri­al­la­ry­nyň himi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy; aý­na­nyň we si­tal­la­ryň hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy);
  8. Ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hü­när: me­tal­la­ry ba­syş bi­len iş­läp taý­ýar­la­mak);
  9. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när­ler: yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş; kär­ha­na­nyň yk­dysa­dy­ýe­ti we do­lan­dy­ry­ly­şy; lo­gis­ti­ka).

Ins­ti­tu­ta Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýatla­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­leşik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Ins­ti­tut­da okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp bar­lar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zylan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­rada­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we derman se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, harby bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tassyk­la­nan gö­çür­me­si;

Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­daýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umumy­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li resmi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bildir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tabşyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de harby gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­hadat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş kagyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek ins­ti­tut­da (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­lerde ge­çi­ril­ýär:

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 22-23-i, 24-i we 25-i gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 23-i, 24-i we 26-sy gün­le­ri;

 Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 25-i, 26-sy we 27-si gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 26-sy, 27-si we 28-i gün­le­ri;

 Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 27-si, 28-i we 29-y gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 28-i, 29-y we 30-y gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

Bi­na­gär­lik ug­ry bo­ýun­ça-su­rat we gra­fi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

Gur­lu­şy­gyň teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­gi­ýa­lary ug­ry bo­ýun­ça-fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy;

In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy ugry bo­ýun­ça-fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

Elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­naşyk ul­gam­la­ry ug­ry bo­ýun­ça — fi­zi­ka, ma­tema­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

Elekt­ro we ýy­ly­lyk ener­ge­ti­ka­sy ug­ry boýun­ça-fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ryhy;

Ma­şyn­gur­lu­şyk ug­ry bo­ýun­ça-fi­zi­ka, ma­tema­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­ry bo­ýun­ça-hi­miýa, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

Ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­ry bo­ýunça-fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ug­ry bo­ýunça-fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­tanyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­rynyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­linde dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagtda sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­medik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan ugry bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­madyk önüm­çi­lik tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Ba­ba An­na­now kö­çe­si, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

Ýene-de okaň

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar