JEMGYÝET

Türkmenistanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlis başlamazdan öňürti, hoş habara – gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi.

Her welaýatyň elleri bugdaý desseli we ak bugdaýdan doldurylan horjunly çagalary zala girdiler.

Çagalar milli Liderimizi goşgy setirleri bilen şatlykly gutladylar. Sahawatly türkmen topragyny we zähmetsöýer daýhanlary, olaryň yhlasy bilen ýetişdirilýän berekedi wasp etdiler. Şeýle hem körpeler mähriban Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Arkadag Prezidentimiziň asylly işlerine bagyşlanan goşgulary okadylar.

Her welaýata wekilçilik edýän oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, zähmetkeş adamlar hakynda edýän aladasy, ýokary hasyl almak we oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halal zähmetiň derejesini belende götermek ugrunda edýän aladasy üçin welaýatlaryň zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Körpeler milli Liderimizi galla oragynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bugdaý desselerini gowşurdylar.

Welaýatlaryň gallaçy zähmetkeşleriniň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi, Balkan welaýatynyň häkimi, Daşoguz welaýatynyň häkimi, Lebap welaýatynyň häkimi, Mary welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlaryny berdiler.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şöhratly pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny dowam edýän ýaş nesilleriň joşgunly çykyşlary bu günki dabara özboluşly baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. Çagalaryň nurana ýüzleri, şadyýanlygy, dabaranyň belent ruhy oba zähmetkeşlerine, gallaçy kärendeçilere bildirilýän hormat-sarpany aňlatdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onuň başynda milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda hökümet agzalary bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, galla oragynyň gidişi, agrosenagat toplumynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleri bilen tanşandyklaryny belledi. Daýhanlara döwletiň goldaw bermegi netijesinde uly üstünlikler gazanylýar.

Şeýle hem,ýerlerde kuwwatly tehnikalar bar, bol gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertler üpjün edilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, tolkunyp duran altynsow ak bugdaýly meýdanlary synlanyňda, rysgal-berekediň nyşany bolup, kalbyňda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi ykbalyny ene topraga baglan jepakeş daýhanlarymyzyň yhlasynyň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gallany öz eliň ýa-da kombaýn bilen oranyňda bolsa, aýratyn ýakymly duýgulary başdan geçirýärsiň. Sebäbi çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşi hem hasaplanýar. Arzyly myhman ýönelige duz-çörek bilen garşylanmaýar. Ýakyn adamyň uzak ýola çöreksiz ugradylmaýar.

Munuň özi halkymyzyň asylly dessurlarydyr, asyrlardan gözbaş alýan däpleridir. Bu däpler häzirki döwürde diňe bir dowam etdirilmän, eýsem, täze many-mazmun bilen hem baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Haçan-da, gyzgynjak çöregiň ýakymly ysyny alyp, tagamyny dadanyňda bolsa, halkyň ykbalyna, gallaçy daýhanyň mukaddes kärine özüňi hem dahylly duýýarsyň. Ine, şu görnüşlere ýüregim joşup, kalbymda mukaddes bugdaý, daban azaby bilen galla ýetişdirip, Watana, ene topraga çäksiz söýgüsini siňdirýän zähmetkeş daýhanlarymyz barada şahyrana setirler döredi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýazan goşgusyny okap berdi.

BUGDAÝ

Säher synlap bereketli meýdany,

Göwnüm tapdy ylham-heýjany, bugdaý!

Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany!

Çoýup dur çoguna dünýäni, bugdaý!

 

Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym,

Bagtyň baky mukamydyr Watanym!

Ýurdum diýip, belent maksat tutanyň

Joş urar döwleti, döwrany, bugdaý!

 

Ýeriň mähri, Arşyň rehmeti bilen,

Durmuşyň höziri, rehneti bilen,

Jepakeş ilimiň zähmeti bilen

Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!

Ojaklar otludyr, saçaklar doly,

Döwletim rowaçdyr, açykdyr ýoly,

Halkym yhlasyndan tapýar kemaly,

Ýaşaýşyň dowamat-dowamy, bugdaý!

 

Daýhan, güýç goşulyp kuwwat-güýjüňe,

Nur-bereket insin altyn çäjiňe!

Meňzäp topragymyň tylla täjine,

Şugla saçsyn mydam Gün ýaly, bugdaý!

Milli Liderimiziň ýürekden gaýdýan joşgunly goşgy setirleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Ýene-de okaň

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy

ALSA tarapyndan guramaçylykly geçirilen çäre: LL.M. karýerleri we J.D. geçiş paneli uly gyzyklanma döretdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri