TEHNOLOGIÝA

«Ford-dan» elsiz sürülýän täze awtoulag

«Ford» kompaniýasy «F-150» kysymly täze modelini mälim etdi. Täze F-150 islege bagly elsiz sürmek ulgamyna eýe bolar, howa arkaly programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini kabul edip biler we simsiz «Apple CarPlay» we «Android Auto» bilen üpjün ediler. Şeýle hem, kompaniýa doly gaz bakynda takmynan 700 mil ýol geçip bilýän «F-150» gibrid görnüşini satyp başlar. Bu şekilli awtoulag 2021-nji ýylyň başyna alyjylara gowşar. 2022-nji ýylda bolsa kompaniýanyň «F-150» kysymly awtoulagy doly elektrik ulgamy arkaly işleýän ulagy öndürilip, müşderilere ýetirer.

Related posts

Täze BMW skuteri bilen tanyş boluň

Ýylyň awtoulagy saýlandy

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar