SPORT

Messi 33 ýaşady

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany, Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň öňdebaryjysy, dünýä futbolynyň soňky ýyllardaky parlak ýyldyzy Lionel Messi 33 ýaşady. 6 gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan Lionel Messi futbol durmuşyndaky köp sanly üstünlikleri, rekordlary bilen janköýerleriň uly söýgüsini gazandy.

“Barselona” topary bilen köp sanly abraýly kuboklary gazanan Messi sport ýolunda ähli duşuşyklarda 699 gezek tapawutlanmagy başardy. Ol toparynyň düzüminde çykyş eden duşuşyklarynda 250-nji ýardam pasyny berdi. Umuman, topardaşlarynyň 250 gezek tapawutlanmagyna ýakyndan ýardam etdi.

Messi 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Argentinanyň Rosario şäherinde dünýä indi. Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgenleriniň hatarynda öňdeligi eýeleýän Messi “Barselona” futbol akademiýasynyň ýetişdiren iň ökde futbolçylarynyň biri. Ol bu toparyň düzüminde 17 ýaşyndan bäri çykyş edip gelýär. 2000-nji ýylda “Barselona” toparynyň futbol akademiýasyna goşulan Messi 2004-nji ýylda toparyň esasy düzüminde çykyş edip başlady. Soňra ol futbolyň basgançaklaryndan ýokary galyp, çür depesine ýetdi.

Ýene-de okaň

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen agyr atletikaçylaryndan 21 medal!

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler