DÜNÝÄ

Iň köp gazanan baş direktor

Dünýäde 2019-njy ýylda iň köp girdeji gazanýan baş direktorlar yglan edildi. Onda ilkinji gezek zenan telekeçisiniň saýlanmagy hemmeleri haýrana goýdy. «CNN International» internet saýtynda beýan edilen habara görä, 58.5 million amerikan dollaryny gazanan «Advanced Micro Devices» atly tehnologiýa kompaniýasynyň direktory Lisa Su sanawda birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle hem geçen ýyl telekeçi Lisa Su AMB-den her aýda 1 million amerikan dollar aýlyk aldy. 2014-nji ýylda kompaniýanyň ýolbaşçylygyny öz üstüne alan 50 ýaşly baş direktor, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2019-njy ýylda AMD-den tölegini dört esse ýokarlandyrdy.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi