DÜNÝÄ

Koronawirus teňňesi döredildi

Özüniň teňňe dizaýnlary bilen dünýäde giňden tanalýan dizaýner Jastin Heister bu gezek koronawirus teňňelerini öndürdi. Göwrümi 39 mm barabar bolan ýadygärlik teňňede Covid-19 wirusy sebäpli her kimiň başdan geçirmeli kynçylyklary görkezilýär.

Şaýy pullarda koronawirusynyň ýaýramagyny alamatlandyrýan maglumatlar, sosial aralyk, hajathana kagyzlary ýaly birnäçe şekiller ýerleşdirilen.

Şaýy pullaryň birinde “Elleriňizi ýuwuň”, “Sosial aralyga seresap boluň”, “Hajathana kagyzy”  ýaly birnäçe ýazgylar ýerleşdirilen.

Related posts

Ermenistan Türkmenistanyň tebigy gazyny almaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Etihad Rail Company» paýdarlar jemgyýeti ähtnama gol çekişdi

Lebap welaýatynda täze elektrik stansiýasy ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri