BIZNES

«EKSPO–2020» halkara sergini gurnaýjylary bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň binasynda «EKSPO–2020» taýýarlyk görmegiň çäklerinde, «EKSPO–2020» halkara sergini gurnaýjylar bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Geçirilen wideomaslahatyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri gatnaşdy. Onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek «EKSPO–2020» halkara sergisiniň möhümligi barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanly wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başga-da bütindünýä sergisine taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gepleşdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar