DÜNÝÄ

Iň gowy ispan türgeni

Ispaniýanyň gündelik “Marca” sport gazeti Ispaniýanyň iň gowy türgeniniň kimdigini mälim etmek üçin pikir soraşma geçirdi. Bu pikir soraşma üçin düzülen sanawa 16 türgen goşuldy. Olaryň hatarynda derwezeban Iker Kasilýas, welosipedçi Alberto Kantador, futbolçylar Inýesta, Hawi we beýlekiler bar.

Şol pikir soraşmada iň köp ses alan ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal birinji boldy. ol 82 göterim ses alyp, Ispaniýanyň iň gowy türgeni hasap edildi.

33 ýaşly tennisçi ýekelikde dünýäniň ikinji güýçli tennis türgeni hasaplanýar. Ol sport durmuşynda “Uly tuwalga” ýaryşlarynda 19 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle hem Fransiýanyň açyk çempionatynda 12 gezek çempion bolup, bu ugurda rekordyň eýesidir. Mundan başga-da, ol ýekelikde “Altyn tuwalga” baýragynyň eýesidir.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň energetika ministri bilen duşuşdy

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri