SPORT

42 ýaşly futbolçynyň şertnamasy uzadyldy

Fransiýanyň “Montpellier” toparynyň düzüminde çykyş edýän 42 ýaşly braziliýaly futbolçy Hiltonyň şertnamasynyň möhleti uzadyldy. Toparyň kapitany hasaplanýan Hilton ýene-de bir ýyl bu toparda çykyş eder.

Futbol ýoluna 1996-njy ýylda Brazliýanyň “Şapekoense” toparynda başlan Hilton soňra Fransiýanyň “Lens”, “Olimpik Marsel” toparlarynda oýnady. 2011-nji ýylda bolsa häzirki “Montpellier” toparynyň düzümine goşuldy.

Hilton koronawirus keseli sebäpli tamamlanan Fransiýanyň çempionatynda şu möwsümde 28 duşuşykda oýnady.

Related posts

Çempionlar ligasynyň bijeleri: Messi bilen Ronaldo bir toparda

Sambo boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda geçiriler

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy