2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Bu ugurda söhbetdeşler türkmen-özbek köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmeginiň girewi bolup durýan iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine gabat gelýän gatnaşyklaryny aýratyn nygtadylar.
Öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçmek bilen söhbetdeşler dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ýük gatnawlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy maksady bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryndaky özarahereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda ýurtlaryň Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň çäklerindäki özarahereketlerini ýygjamlaşdyrmaklarynyň meselesine hem jikme-jik seredilip geçildi.
Şeýle-de agrosenagat, saglygy goraýyş, bilim we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça hem pikirler alyşyldy.