SIZDEN GELENLER

Uruş döwrüniň enesi

Iýmäne arpa we tüwi bolsa hem,
Zähmetden elleri ýara bolsa hem,,
Garaşyp şol ýürek para bolsa hem,
Gijedeý garady onuň saçlary.

Uruşda jan beren mertleriň jany,
Hatda uruşlara ündeýär ony,
Ogluny fronta ugradan güni,
Gijedeý garady onuň saçlary.

Umydy köpdi, köňli hem dokdy,
Döşünde gorky we hasratlar ýokdy,.
“Balam geler diýip” ýollara bakdy,
Gijedeý garady onuň saçlary.

Hemmesi fronta ýeňişlik üçin,
Şol ýyllar agyrdy edip bolmaz syn,
Gije gündiz, işläp geçer günüň kyn,
Ýöne garaňkydy onuň saçlary.

Uruş gurbansyz bolmaz diýdiler,
Ýagyşdeý atylyp dursa gara ok.
Döşüni gysypjyk ýykyldy oglan,
Ene garaşardy, entäk göwni dok.

Dünÿäniň dört burçy ýanardy bütin,
Öçürip bilmedi gözün ýaşlary.
Kyrk alty ýaşynda kyrk altynjy ýyl,
Bir wagtda agardy onuň saçlary.

Poçtaçy getiren biwagt zady,
Uruşyň iň soňky gara hatyny.
…Seniň tymsalyňda görýärin enem,
Türkmen zenanyny, beýik Watany.

 

Nurgeldi Ilgeldiýew

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk