JEMGYÝET

Dabaraly harby ýöriş we baýramçylyk salýuty geçiriler

Ertir, 9-njy maýda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňünde dabaraly harby ýöriş geçiriler. Agşamlyk bolsa baýramçylyk salýuty bolar, bular barada bugün geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Ministrler Kabinetiniň  mejlisinde  milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir, 9-njy maýda Türkmenistanda 1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

Geçen urşuň jebir-jepalarydyr betbagtçylyklary ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. Millionlarça adamlar faşizmiň rehimsiz syýasatynyň pidasy boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Dünýä ykdysadyýetine, adamzadyň medeni, ylym-bilim ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirildi. Beýik Ýeňşe bolan arzuw-umytlar Türkmenistanyň halkyny hem gahrymançylykly göreşe jebisleşdirdi.

Doganlyk halklar bilen birlikde watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de watançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezdiler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanlylar altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy tabşyldy

Tylda galan garrylar, gelin-gyzlardyr ýetginjekler hem gaýratly zähmet çekip, fronta zerur önümleri, egin-eşik we azyk iberip, şanly Ýeňşe uly goşant goşdular. Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy tabşyryldy. Biz uruş gahrymanlarymyzyň, tylyň merdanalarynyň hatyralaryny hemişe belent tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz weteranlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, saglyklaryny berkitmäge uly üns berýär. Dynç alyş öýlerinde, şypahanalardyr hassahanalarda durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, olaryň ýanýoldaşlaryny we tylda zähmet çeken weteranlary Ýeňşiň 75 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karar kabul edildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Parahat we azat durmuş üçin söweşip, ot-ýalnyň içinden geçen ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň ähli halkyna, hormatly weteranlara ýüzlenip, milli Liderimiz olary uly pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Goý, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk we asudalyk bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş hem-de uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ertir, 9-njy maýda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňünde dabaraly harby ýöriş geçiriler. Agşamlyk bolsa baýramçylyk salýuty bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler