TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasynyň ABŞ-daky dükanlary gaýtadan açylýar

“Apple” kompaniýasynyň ABŞ-daky bölek satuw dükanlarynyň maý aýynda gaýtadan açyljakdygy barada habar berildi. “Apple” kompaniýasynyň direktory Tim Kuk indi söwda işini düýpli ösdürmek barada birnäçe işleri alyp barjakdygyny aýdýar. “Bloomberg” habar gullugy kompaniýanyň Awstraliýada we Awstriýadaky dükanlarynyň hem ýene iki hepdeden açyljakdygy barada habar berdi. Ýer ýüzünde dükanlaryň ýapylmagy “Apple” we onuň müşderileriniň arasynda birnäçe kynçylyklary döretdi. Emma muňa garamazdan, kompaniýanyň sanly görnüşde ýagny onlaýn şekilde söwda satuw işlerini güýçlendirdi. Häzirki wagtda “Apple” dükanlary dünýäde öz işini dowam etmäge taýýar. Olar özleriniň ýokary hili harytlary bilen müşderilere hyzmat etmäge taýýardygyny mälim etdiler.

Related posts

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

“Mars”-da ilkinji uçuşyny amala aşyrar

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň sanly tehnologiýalar boýunça onlaýn duşuşygy