JEMGYÝET

Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi.

Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan etdiler. Ynsanperwer kömegi Türkmenistanda öndürilen azyk önümlerinden ybarat bolup durýandyr.

Türkmenistan BMG-niň ähli gatnaşyjy-döwletleri tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, hususan-da ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklaryny saklaýandyr. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşmak bilen, goňşy Owganystanyň halkara hem-de sebit hereketlerine durmuş-ykdysady taýdan gatnaşmagyna möhüm goşandyny goşýar we iş ýüzünde iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär hem-de ynsanperwer häsiýetli kömeklerini yzygiderli berýändir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, golaýda ýerleşen döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar we zerur bolan halatynda goňşulary üçin ýeňil bolmadyk döwürde ýardam kömegini berýändir. Bu hereketler bolsa öz nobatynda türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

 

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler